2015-nji ýylyň 4-nji maýynda Nýu-Ýorkda BMG-niň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygy atly №50/80А rezolýusiýasynyň awtordaşlarynyň duşuşygy, şeýle-de Türkmenistanyň Bitaraplygy: parahatçylygy we durnuklylygy saklamagyň 20 ýyllyk tejribesi atly brifing geçirildi.
Çärä 1995-nji ýylyň rezolýusiýasynyň 24 sany awtordaş-ýurtlarynyň wekiliýetleri, bitaraplyk derejesiniň halkara ykrarnamasyna eýe bolan, şeýle hem milli derejede bitaraplyk syýasatyny alyp barýan döwletler, BMG-niň agza-döwletleriniň wekilleri, BMG-niň Syýasy departamentiniň bilermenleri gatnaşdylar.
Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan syýasy-diplomatik gatnaşyklarynyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallarynyň ösdürilmegine, şeýle-de bitaraplyk derejesine eýe bolan ýurtlaryň daşary syýasat mümkinçilikleriniň häzirki zaman nusgalarynyň işlenilip düzülmegine aýratyn üns berildi.
Türkmenistanda Bitaraplyk we Parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilen 2015-nji ýylyň dowamynda şeýle duşuşyklary yzygiderli esasda geçirmek hakynda karara gelindi. Ara alyp maslahatlaşmalaryň jemlerini BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy we 70-nji sessiýalarynyň resminamalaryny düzmekde ulanmaklyk meýilleşdirilýär.